Türkmeniň zähmetsöýerlik ýörelgesi

26 Maý 2021
1103

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitaby il-ýurt bähbitli işleri amala aşyrmakda, nesillerde ruhubelentlik, ynsanperwerlik, watanperwerlik, belent adamkärçilik, kiçigöwünlilik, zähmetsöýerlik, halallyk, sadalyk ýaly häsiýetleri kemala getirmekde, olarda ýagşy gylyklary terbiýelemekde möhüm ähmiýeti bolan gymmatly çeşmedir. Halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzaýan taryhynda bolup geçen bimöçber wakalary seljermek, ilik-düwme öwrenmek, derňemek, akyl terezisinde ölçäp, olardan parasatly baş çykarmak, şol wakalaryň esasynda halkyň ruhy ösüş ýoluny yzarlamak, heniz görlüp-eşidilmedik täze çylşyrymly dünýä akyl ýetirmek, düýne şu günüň nazaryýeti bilen seredip, geljege göz ýetirmek almaz deýin ýiti zehin, akyl-paýhas, erk, ýan bermeýän ruhy hem fiziki güýç-gaýrat talap edýär.

Milli ýörelgelerimiziň arasynda halkymyzyň zähmetsöýerlik ýörelgesi ynsanyň fiziki we ruhy gözelligini döredýän ýörelge bolup durýar. Bu ýörelge, ynsan ýaşaýşynyň mazmunyny, iň gözel häsiýetlerini, tebigy dünýäsini, durmuşa garaýşyny, il-güne, ene topraga gatnaşygyny kemala getirýän ýörelge. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy. Gaýratlylyk bolsa hemişe halal baýlygyň gözleginde. Halal zähmet bilen gazanylan baýlyk ruhy baýlyk bilen utgaşanda hakyky, manyly, eşretli durmuş emele gelýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda bolsa, tutuşlygyna ynsanyň iň gözel häsiýetlerini açmakda saýlanyp alnan tymsallar, hekaýatlar, rowaýatlar jemlenen. Olar many-mazmunlary boýunça biri-birinden çuň. Şol rowaýatlarda aýdylýan çuň pikirleriň okyjynyň kalbyna täsir etmekde iňňän uly hyzmaty bar. Zähmetsöýerlik hakyndaky çuň manyly tymsallar hem eseriň daýanç çeşmesi. Şu ýerde eserde beýan edilýän zähmetsöýerlik hakyndaky bir tymsala ýüzleneliň:

Nurýagdy AKMÄMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň harby-lukmançylyk fakultetiniň dekanynyň orunbasary, podpolkownik.