«Arçman» şypahanasy

26 Maý 2021
985

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly barha uly rowaçlyklara beslenip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralary garaşsyzlyk ýyllary içinde ösüş ýolumyzda ýetilen belent sepgitleri bilen dünýä dolýar. Şan-şöhratly ösüşlere baý Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlarymyzyň saglygyny goramak hem esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu babatda şypahanalar saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm pudaklarynyň biridir. Ýurdumyzda ýerleşýän şypahanalar bejerijilik, saglygy dikeldiş ähmiýeti boýunça halkyň arasynda uly abraýdan peýdalanýarlar.

Şeýle şypahanalaryň biri bolan «Arçman» şypahanasy Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde, Aşgabat şäherinden günbatarda 130 kilometr uzaklykda, Köpetdagyň Degirmendag diýen ýeriniň eteginde, deňiz derejesinden 157 metr belentlikde ýerleşýär. 2009-njy ýylda hormatly Prezidentimiz bu şypahananyň 420 orunlyk täze binasyny, 28 wannadan ybarat bolan goşmaça melhem suwlar bilen bejeriş merkezini dabaraly ýagdaýda açyp berdi. Şypahana döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, ol ýerde raýatlara ýokary hilli şypahana hyzmatlaryny hödürlemek üçin ähli şertler döredildi. Täze bina Arçmanda ozal hereket edýän 2 sany 5 gatly, 500 orunlyk binanyň üstüni ýetirdi we jemi 920 orunlyk döwrebap şypahana öwrüldi. Şypahanadaky ilata hyzmat edýän 48 wannanyň üstüne täze 28 wanna goşulyp, jemi 76 wanna boldy.

Çaryýar ANNASÄHEDOW,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Arçman» şypahanasynyň baş lukmany.