Garaşsyzlyk toýun toýlaýar Watan

26 Maý 2021
781

Otuz ýylyň juda şirin sazy bar,
Garaşsyzlyk toýun toýlaýar Watan.
Dost-doganlar bolup baky bagta ýar,
Garaşsyzlyk toýun toýlaýar Watan.

Dillermizde köňlüň ajap senasy,
Berkdir, synmaz Garaşsyzlyk binasy,
Zer-zerewşan, egninde toý lybasy,
Garaşsyzlyk toýun toýlaýar Watan.