Merjen şäheriň görki

24 Maý 2021
1007

Biz ata-baba türkmen doganlarymyz bilen duldegşir goňşy bolup ýaşaýarys. Türkmen halkynyň döreden we dünýä medeniýetine goşan ajaýyp milli gymmatlyklaryny gözümiziň göreji ýaly gorap saklaýarys. Mysal üçin, nepisligi bilen göreni haýrana goýýan türkmen halysy her bir özbek öýüniň iň arzyly ýerine düşelýär, türkmen halysynda oturan myhman özüni has mertebeli duýýar. Türkmeniň gamyşgulak bedewlerine höwesekler örän köp. Men hususy hojalygymda 25 töweregi arassa ganly ahalteke atlaryny saklaýaryn. Ata-babalarymyz bir hepde, on gün hatda kyrk günläp toý tutupdyrlar. Bu edebiýatda beýan edilýän çeper hyýal däl. Munuň hakykatdan-da şeýle bolandygyna biz Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň çäginde guralýan dabaralaryň mysalynda ýylyň-ýylyna gözli şaýat bolduk.

2017-nji ýylyň Türkmen bedewiniň milli baýramynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow maňa «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakdy. Men muňa diýseň buýsanýaryn. Çünki behişdi türkmen bedewlerine siňdiren yhlasym meni şeýle hormatly adyň eýesi etdi. Atçylygyň dörän topragynda kemala gelen ýelden ýyndam meşhur türkmen bedewleri şu ajaýyp ýylda 140 ýyllyk toýy toýlanýan ak mermerden bina edilen merjen şäher Aşgabadyň hem aýrylmaz bezegi. Bu ajaýyp ýadygärlikler ak mermere beslenen merjen şäheriň umumy gözelligine sazlaşyk berip, göreni haýrana goýýar.

Bekdurdy IBADULLAÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, Özbegistan Respublikasy.