Şanly toýuň şanyna

24 Maý 2021
895

24-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara köpugurly sergisi öz işine başlady. Paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanan serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy we deputatlary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary we agzalary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly XX halkara köpugurly sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda bellenilişi ýaly, Aşgabat dünýäniň iň owadan, ýaşamak üçin has amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriň hatarynda öz ornuny pugtalandyryp, sebitara we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezine öwrüldi.

«Watan».