Ylhamlaryň gözbaşy sen, Aşgabat!

24 Maý 2021
929

Gözelligiň, bagtyýarlygyň, rahatlygyň hem-de juwanlygyň şäheri bolan ak şäherimiz Aşgabat Aziýanyň merjenine deňelýär. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda ady ençeme gezek ýazylan türkmen paýtagtynyň bu günki ýeten derejesi bütin halkymyzy buýsandyrýar.

Köpetdagyň eteginde täsin sungat eserine çalymdaş bolup görünýän Aşgabat ykdysady, syýasy ösüşler bilen birlikde medeni özgertmeleriň hem mekany hökmünde tanalýar. Çünki bu ýeriň ajaýyplygy we täsin binagärlik çözgütleri ylhamlary joşa getirip, göwünleri göge göterýär.

Röwşen ATAÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň sazyň taryhy kafedrasynyň mugallymy.