«Aşgabat» teleýaýlymynyň toý serpaýy

24 Maý 2021
866

Mälim bolşy ýaly, tutuş ýurdumyz goşa toýuň tutumyna beslendi. Paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli toý lybasyny geýen mermer Aşgabadymyz has-da üýtgeşik keşbe girdi. Şol owadan pursatlar kalbymyza tükeniksiz şatlygy bagyş edýär. Baýramçylyk ruhuna beslenen ak şäherimiziň çäginde bolup geçýän dürli medeni çäreleri we täzelikleri gyzgyny bilen halkymyza ýetirýän, ýurdumyzyň beýleki teleýaýlymlarynyň döredijilik işgärleri bilen bir hatarda, «Aşgabat» teleýaýlymynyň hem döredijilik işgärleri bu goşa toýa özüniň mynasyp sowgatlary bilen geldi.

Biz golaýda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» teleýaýlymynyň baş redaktory Ýazgül Myradowa bilen söhbetdeş bolduk:

Söhbetdeşligi taýýarlan Dursun TEKÄÝEWA,
žurnalist.