Gülden görkana şäher

24 Maý 2021
988

Şu ýyl Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagt şäherimiz has hem gyzgalaňly pursatlara beslenýär. Giň şäheriň çäginde köpçülikleýin ýowarlar, arassaçylyk işleri barha ýaýbaňlandyrylýar. Bag ekmek işleri we yzygiderli geçirilýän ýowarlar görkana Aşgabadyň täsin durkunyň tämizligini hasam artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň Şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde barha gülleýän Aşgabadyň tarypy aýratyn bir dessan.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 24-nji fewralynda Aşgabat şäher häkimliginde Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna taýýarlyk görmek we şäherimizi mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahaty geçirdi. Aşgabadyň gujagynda hakyky lälezarlygy döretmek babatdaky işler badalga aldy. Ese-boýa galyp duran ýaş nahallar we şäheriň daş-töweregini gurşap oturan arça tokaýlyklary Gahryman Arkadagymyzyň Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky belent başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň alamatydyr.

Abdylla GURBANNEPESOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy.