Belentden ýaňlanan owazlar

24 Maý 2021
779

Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň döredýän mümkinçilikleriniň netijesinde ýaşlar milli medeniýetimizi, ata Watanymyzyň şanly ösüşlerini, bagtyýarlyk döwrümiziň rowaçlyklaryny wasp edip, aýdym-saz sungatynda öz ukyp-başarnyklaryny äşgär edýärler. Biz bu hakykata Türkmenabat şäher medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym — 2021!» telebäsleşiginiň deslapky saýlama tapgyryna gatnaşan zehinli ýaşlary görüp ýene bir mertebe göz ýetirdik. Oňa etraplarda ýeňiji bolan ýaş aýdymçylaryň 52-si gatnaşdy. Zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we olary höweslendirmek maksady bilen geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu bäsleşik ýylyň-ýylyna täze röwşe eýe bolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, şeýle-de paýtagtymyz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygy bilen utgaşykly geçirilen bäsleşik milli medeniýetimizi wasp edýän ajaýyp baýramçylyga öwrüldi.

Bäsleşigiň şertine görä, çykyş eden zehinli aýdymçylar bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen uly ösüşlere beslenýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy wasp edýän hem-de arkama-arka dowam edip gelýän halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Olaryň her biriniň aýdan şirin aýdymlary tomaşaçylarda uly täsir galdyryp, joşgunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Eneş JORAÝEWA,
ýörite habarçymyz.