Türkmen sazynyň mertebesi

21 Maý 2021
964

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasada beslenen öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milletimiziň mertebesi, medeniýetimiziň şan-şöhraty dünýä dolýar. Asyrlar aşyp gelen medeni däplerimiz, ruhy ýörelgelerimiz, milli aýdym-saz sungatymyz tutuş adamzat nesilleriniň naýbaşy baýlygy hökmünde dünýäde ykrar edilýär. Munuň özi, gönüden-göni milli medeniýetimiziň mazmunyna ümmülmez baýlygyň jemlenendiginiň, asyrlar aşyp gelen milli sungat eserlerimiziň çeper kämildiginiň henize çenli doly açylmadyk syrlara beslenendiginiň aýdyň nyşanydyr.

Arkadag Prezidentimiziň peşgeş beren bagtyýar döwrümizde milli aýdym-saz sungatymyz täze röwüşe beslenip, dünýä ýüzüne parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, dostanalygyň hem-de ynanyşmagyň ruhuny çaýýar. Dutaryň owazy şöhratly geçmişimizde bolşy ýaly, goňşy bilen goňşyny has-da doganlaşdyrýar, yklymlaryň halklaryny dostlaşdyrýar, medeniýetleri baýlaşdyrýar. Onuň köp asyrlyk halkymyzyň pelsepe dünýäsine çuňňur kök uran gözbaşlary bolsa ençeme nesilleriň ruhy, aň-bilim ösüşine öz goşandyny goşup geldi. Şundan ugur alsak, dutaryň sazy — halkymyzyň köňül owazy. Ol owaz taryhyň jümmüşinde halkyň ruhuna eriş-argaç ulaşyp, nurlandyryp gelen altyn sapakdyr.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň döredijilik işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni, etnograf