ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşular

21 Maý 2021
1025

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki wagtda ÝUNESKO bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň çäginde netijeli işler alnyp barylýar. Onuň çäklerinde taryhy-medeni ýadygärliklerimiz, milli medeniýetimiz, aýdym-saz sungatymyz çuňňur öwrenilip, bütin dünýä giňden wagyz edilýär. 19-njy maýda Medeniýet ministrliginde Aşgabady «Dizaýn» ugry babatda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) döredijilik şäherleriniň toruna goşmak boýunça geçirilen iş wideomaslahaty hem munuň şeýledigini nobatdaky gezek tassyklaýar. Oňa ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekili hem gatnaşdy.

Maslahatyň barşynda Aşgabady ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak bilen bagly meseleler, bu ugurda ýetilen sepgitler we meýilleşdirilýän geljekki iş ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem bu toruň medeniýete we durmuşy integrirlemäge maýa goýum goýmaga taýýar şäherleriň arasynda hyzmatdaşlyk babatda uzak möhletleýin maksatnamany işläp düzmek meselesi barada pikir alşyldy.

Jennet MUHAMMETBERDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.