Mermer şäher — aşgabat

21 Maý 2021
936

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu günki gün ýurdumyz ösüşlerden ösüşlere beslenýär. Paýtagtymyzyň ady «Aziýanyň merjen şäheri» diýlip uly buýsanç bilen tutulýar. Çünki dilimiziň senasy, ömrümiziň penasy bolan Aşgabat ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girdi. Bu gün ajaýyp şäherimizi, synlamaga göz, taryp etmäge söz gerek. Köpetdagy etekläp oturan ak şäherimiz, ylla diýersiň, merjen kimin düzülen ak jaýlaryň hataryndan bina bolýar. Giň, arassa, aýna ýaly tekiz şaýollar, ýerasty, ýerüsti geçelgeler, aýlawly ýollar, belent-belent binalaryň görküne görk goşýar. Binagärlik sungatynyň nusgasy bolup hatar gurap oturan ol kaşaň binalar ajaýyp seýilgäh zolaklary bilen utgaşyp sazlaşykly gözelligi kemala getirýär. Alys-u-ýakyndan gelýän myhmanlaryň «Ýene barsam, Aşgabady bir görsem» diýmegi biziň paýtagt şäherimiziň diňe bir binagärlik gözelligi däl, eýsem, ol biziň halkymyzyň myhmansöýerlik däbinden hem gözbaş alýar. «Myhman ataňdan uly» diýýän halkymyz myhmanyny güler ýüz bilen garşylap, olara gadyr etmegi özüne parz saýýar. Biziň asylly milli ýörelgelerimiz bilen gözel şäherimiziň ajaýyplygynyň sazlaşmagy daşary ýurtly myhmanlarda uly täsir galdyrýar. Olaryň her biri şäheriň gözelligini, arassalygyny, adamlarynyň myhmansöýerligini aýratyn belleýär.

Mähriban Arkadagymyzyň tagallalary bilen halkara abraýy barha belende göterilýän gözel şäherimiz halkara festiwallaryň, sergileriň, forumlaryň, onlaýn duşuşyklaryň, sport bäsleşikleriniň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bize şeýle ajaýyplyklary peşgeş beren mähriban Arkadagymyzyň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!

Maýa ORAZOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.