Onlaýn bäsleşiginiň ýeňijileri

21 Maý 2021
1236

Golaýda Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň guramagynda Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli küşt oýny boýunça geçirilen Aşgabadyň açyk çempionaty tamamlandy. Küşt oýnunyň çalasyn (blitz) görnüşi boýunça geçirilen bu açyk onlaýn çempionatyna jemi 140 türgen gatnaşdy. Ýaryşa paýtagtymyzdan we welaýatlardan küştçüler, şol sanda Türkiýe Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Belarus Respublikasy we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly daşary ýurtlardaky ildeşlerimiz hem işjeň gatnaşdylar.

Ýaryşa gatnaşan 16 ýaşa çenli we ondan ýokary ýaşdaky türgenler jemi 4 toparda bäsleşdiler. Onlaýn çempionatyň jemlerine görä, erkekleriň arasynda birinji orny Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby S.Atabaýew, zenanlaryň arasynda birinji orny hem bu institutyň talyby J.Öwezdurdyýewa eýelediler. 16 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda A.Hommadow, 16 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda bolsa E.Arazmedowa birinji orny eýeledi. Ýaryşda baýrakly orunlary eýelän türgenler Aşgabat şäher häkimliginiň ýadygärlik sowgatlary, Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Hormat hatlary bilen sylaglanyldy. Bu ýaryşa gatnaşan iň ýaşuly türgen hökmünde 68 ýaşly M.Ýakubowa, iň ýaş türgen hökmünde bolsa 5 ýaşly S.Agamämmedowa, mümkinçiligi çäklendirilen türgenleriň arasynda iň gowy netije görkezen Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, sport ussady A.Atabaýewe hem ýörite baýraklar gowşuryldy.

Ýörite habarçymyz.