Aýdym-sazyň ýaňlanmagy toý-baýramyň, şat durmuşyň nyşany. Biziň ýörite orta mekdebimiziň talyplary-da her bir şanly sene mynasybetli özleriniň dabaraly çykyşlaryny taýýarlap, halkymyza ruhy lezzet paýlaýarlar. Talyplarymyzyň nobatdaky hasabat konserti hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna, paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna hem-de kompozitor Daňatar Öwezowyň döredijiligine bagyşlandy.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde geçirilen konserti ýörite sazçylyk mekdebimiziň ýaş dirižýor E. Jumanyýazowyň ýolbaşçylygyndaky simfoniki orkestri A.Şapoşnikow bilen D.Öwezowyň «Aýna» operasynyň girişi bilen açdy.