Dünýä dolan aýdymlar

20 Maý 2021
1107

Ylmy çeşmelerde «Aşyklaryň şäheri», «Yşkyň şäheri» diýlip tanalýan Aşgabat şäherini wasp edýän aýdymlar gözelligiň, asudalygyň, bagtyýarlygyň nusgasy bolup ýaňlanypdy. Gözel paýtagtymyzyň bu günki ajaýyp keşbi bolsa parahatçylygyň, aklygyň, ösüşlere tarap galkynmagyň nyşanyna öwrüldi. milli Liderimiziň Aşgabat şäheri saýasynda birek-birege dostluk gollaryny uzadan ýurtlaryň parahatçylyk hakynda söhbetleşýän ýerine öwrüldi. Ýakynda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyza bolan iş saparynyň dowamynda Aşgabat şäheri hakynda köp aýdymlaryň döredilendigini, esasan hem, ussat aýdymçy Myrat Sadykowyň paýtagtymyzy wasp edýän aýdymynyň üstünden ýyllar geçse-de, ähmiýetini ýitirmän gelýändigini, häzirki wagtda hem aýdymçylarymyzyň ençemesiniň paýtagtymyzy wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirýändiklerini belläp geçdi.

Myrat Sadykowyň durmuşynda parahatçylyk düşünjesiniň aýratyn orny bardy. Sebäbi kakadan ir galan ýetginjek bäş ýaşynda asudalyk hakyndaky duýgularyny mylaýym owazyna salyp, uruşdan ýaraly bolup Aşgabada getirilen esgerleriň arasynda aýdym aýtmaga başlaýar. Şol günlerden başlabam ol aýdym-saz sungatyna ykbalyny berk baglaýar. Tebigatyň beren şirin owazy onuň Watana bolan çäksiz söýgüsi bilen utgaşyp, halkyň ýene-de bir beýik oglunyň döremegine getirdi. Çagalyk ýyllarymyzda parahatçylygyň owazy bolan «Akja kepderi» aýdymyny aýdyp ýa-da diňläp görmedigimiz ýok bolsa gerek. Bu aýdymy halkymyz ilkinji gezek Myrat Sadykowyň sesi bilen diňläpdi. Şonuň sesi bilen hem:

Taýýarlan Ýazbibi ANNAGURBANOWA,
«Edebiýat we sungat».