«Ahal» sebitleýin finalda, «Altyn asyr» bir ädim bärde

19 Maý 2021
1169

Bir ýyl arakesmeden soňra ýurdumyzyň futbol toparlarynyň halkara ýaryşda çykyş etmegi her bir janköýer üçin ýakymly. Millionlaryň söýgüli oýnunyň şowly pursatlarynda begenjiňe çaga ýaly bökjeklemek, şowsuzlyklarda bolsa onki süňňüň bilen ahmyr etmek, megerem, başga hiç zat bilen çalşylmaýan duýgular. Türkmen futbolynyň janköýerleri bu duýgulary şu günler hem başdan geçirýärler. Çünki ýurdumyzyň iň güýçli futbol toparlarynyň ikisi ― geçen möwsümiň çempiony «Altyn asyr» we wise-çempiony «Ahal» yklym ýaryşyna ― AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşýarlar. Şolardan «Ahalyň» ýaryşyň sebitleýin finalyna çykyp bilendigini guwanç bilen habar berýäris.

MERKEZLEŞDIRILEN DUŞUŞYKLAR

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.