Türkmenistan bagtyýarlygyň Watany

19 Maý 2021
808

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyz parahatçylygyň, agzybirligiň, dost-doganlygyň, gülleýän bagtyýarlygyň ýurduna öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk şanly toýlaryna barýan günlerimizde 17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda gepleşikleriň geçirilmegi, 18-nji maýda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň ýokary ruhubelentlik bilen giňden hem-de ýatdagalyjy pursatlara beslenmegi toý-baýramlarymyzyň şatlygyny has-da artdyrdy.

Milli Liderimiz Tatarystanyň Baştutanyny myhmansöýer türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzy Tatarystan Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine, şeýle hem türkmen we tatar halklarynyň taryhy taýdan kemala gelen medeni, ruhy umumylygyna esaslanan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Ýeri gelende aýtsak, ýakynda Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda iş saparynda boldy.

«Esger».