Bagy-bossan — eziz Diýar

19 Maý 2021
805

Tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak bagtyýarlykdan nyşandyr. Hormatly Prezidentimiziň sözleri bilen aýtsak, adam hem-de adamlar üçin iň ýokary derejeli gymmatlyk zeminiň abatlygydyr, sagdyn durmuşda, eşretiň hözirini görüp ýaşamakdyr. Aşgabady etekläp oturan Garagum sähramyz bolsa gülläp ösen ýaşaýşyň şaýadydyr, Taňrydan ýalkawly mekandyr! Tebigat — biziň mähriban öýümiz. Şonuň üçin Watanymyzyň ähli künjeklerini, şol sanda ýurdumyzyň paýtagtyny gülläp ösýän bagy-bossanlyga öwürmekde döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça her ýyl geçirilýän ählihalk bag ekmek çäresine uly orun berilýär. «Biziň ata-babalarymyz mähriban topragymyzyň gözelligine sarpa goýmagy, ony aýawly saklamagy hem-de artdyrmagy başarypdyrlar. Bu ajaýyp däp-dessurlary dowam etdirmek bolsa biziň mukaddes borjumyzdyr» diýip, hormatly Arkadagymyz nygtaýar.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde tokaý zolaklaryny döretmek, seýilgähleriň çäklerini giňeltmek baradaky oňyn başlangyçlar halkymyz tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak dabarasy indi asylly däbe öwrüldi. Şunuň ýaly çäreler umumy wajyp işe dahylly bolmak isleýän adamlary ýakynlaşdyrýar. Daşky gurşawa aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyzda adamlaryň abadan ýaşaýşynyň möhüm bölekleriniň biri bolup durýan, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň» möhüm ugry hökmünde ekologiýa örän uly üns berilýär. Bular, ilkinji nobatda, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmaga, çölleşmä garşy göreşmäge, tebigatyň täsin künjeklerini aýawly saklamaga, Hazar deňziniň gurşawyny hem-de biologik köpdürlüligini goramaga, Araly halas etmäge we beýleki köpugurly möhüm meselelere degişlidir.

Ýörite habarçymyz.