AK nur bolup lowurdaýar Aşgabat

19 Maý 2021
941

Ady asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri türkmen halkynyň kalbynda mermer şäher hökmünde orun aldy, iň bir ajaýyp nusga öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp görke giren ak mermerli gözel Aşgabat, maddy we ruhy medeniýetiň beýik-beýik ýadygärliklerinde geçmişiň ýaňy ýaňlanýan gadymy türkmen topragynyň hakykatda gaýtadan galkynmagynyň äşgär nyşanyna öwrüldi.

Parahatçylygy söýüji Bitaraplyk syýasatynyň nusgasyna öwrülen Aşgabat şäheri dünýäde ösen binagärlik keşbi, täzelikleri ornaşdyryjy, täze başlangyçlar bilen çykyş edýän deňli-derejeli şäher hökmünde özüni tanadýar. Türkmen paýtagtynda geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklara, halkara maslahatlara dünýä jemgyýetçiligi uly gyzyklanma bildirýär. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan gülläp ösýän, bu gün sebitde parahatçylyk dörediji merkeze, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrülen ak şäherimiz Aşgabat biziň buýsanjymyz. Ol özüniň ajaýypdygy, tämizdigi, arassadygy, suw çüwdürimlerine baýdygy bilen göreni özüne maýyl edýär. Gök öwsüp oturan baglara, ter güllere beslenip, göwünleri galkyndyrýar. Paýtagtymyzyň merkezinde gurlan «Ak şäherim Aşgabat» binasy bolsa türkmeniň ruhunyň belentligini, döwletiniň berkararlygyny, halkymyzyň paýtagt şäherine bolan söýgüsini beýan edip, alyslardan öwşün atýar. Ýaşyl baglaryň gurşawynda ýerleşen bu ajaýyp desgadan göterilýän aýdymlaryň owazy bolsa biziň bagtyýarlygymyzy älem-jahana buşlaýar.

Farhad AWLÝAKULYÝEW,
maýor.