Şöhratym, şanym Aşgabat!

19 Maý 2021
811

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkara guramalar tarapyndan gyzgyn goldanylýan beýik başlangyçlaryň durmuşa ornaşdyrylyşynyň many-mazmuny, ähmiýeti paýtagtymyz Aşgabadyň çalt depginli ösüşlerinde aýdyň duýulýar. Çünki uzak möhletleýin geljegi nazarda tutup, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek milli Liderimiziň başyny başlan täze şähergurluşyk syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Paýtagtymyzyň häzirki zaman keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, onuň köpugurly mümkinçilikleri, halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar. Bu günki günde Aşgabat — ösen senagatlaşan şäher bolmak bilen, durnukly ösüşiň, asudalygyň, parahatçylygyň we gaýtalanmajak gözelligiň özboluşly mekanyna öwrüldi.

Adatça, paýtagt — ýurduň ýüregi, döwletiň ýüzi hasaplanylýar. Islendik döwletiň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky derejesine göz ýetirjek bolsaň, şol ýurduň paýtagtynyň keşbine nazar aýlaýmaly. Onuň keşbinde halkyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandyny, bagtyýar durmuşyny, aýdyň geljegini görmek bolýar. Şeýlelikde, Aşgabat şäheri — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletiniň ak mermerli paýtagty, Merkezi Aziýanyň merjen şäheri we şol bir wagtyň özünde-de ýurduň iri administratiw-syýasy, ulag, söwda we ylmy-medeni merkezi hasaplanylýar.

Umyt NURULLAÝEW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň mugallymy, maýor.