Ýaşlar kämillik ýolunda

19 Maý 2021
967

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzyň şäherdir etraplarynda hem soňky ýyllarda gurlan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň we sport mekdepleriniň binalary biri-biriniň yzyny hatarlap, artmak bilen. Şol desgalarda türgenleriň, sport söýüjileriň sanyny köpeltmek we olaryň ussatlyklaryny kämilleşdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Hojambaz etrabynda ýerleşýän 2-nji sport mekdebi hem şolaryň biri. Bu ýer adamlaryň köp gelýän ýerleriniň birine öwrüldi.

Mekdepde diňe bir türgenleşige däl, eýsem, geçirilýän dürli ýaryşlardan lezzet almaga gelýänler-de barmak büküp sanardan kän. Bu sport mekdebi 2014-nji ýylda gurlup, ulanylmaga berildi. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler we şertler döredilen bu ýerde ýaş türgenleriň ýüzlerçesi tälim alýar. Welaýat, döwlet derejesinde geçirilýän ýaryşlarda we bäsleşiklerde etrabyň ýaş sportçularynyň görkezýän ussatlyklary mekdebiň tälimçileriniň çekýän asylly zähmetiniň netijesidir. Bu ýerde dürli sport çäreleriniň yzygiderli guralmagy etrabyň ýaşaýjylarynyň sagdyn-durmuş ýörelgesine eýerýändikleriniň anyk mysalydyr.

Gözel GYLYJOWA,
ýörite habarçymyz.