Ýaşlaryň sport ussatlygy

18 Maý 2021
1218

GÖKDEPE. Etrapdaky 9-njy orta mekdebiň sport zalynda geçirilen ýaryş örän gyzykly boldy. Onda etrapdaky orta mekdeplerden gelen toparlar öz aralarynda çekeleşikli duşuşyklary alyp bardylar.

«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikdäki meýilnamasy esasynda geçirilen stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça ýaryş okuwçy ýaşlara sport ussatlygyny görkezmäge giň mümkinçilik açdy. Sport zalynda döredilen ajaýyp şertler okuwçy ýaşlara üstünlik gazanmaga uly ruhubelentlik berdi. Munuň özi ýaryşyň çekeleşikli geçmegine itergi berdi.