Yhlasa Myrat

14 Maý 2021
1175

Hormatly Arkadagymyzyň gurduryp beren sport mekdebi hem-de sport desgasy biziň etrabymyzda hem hereket edýär. Biziň sport mekdebimizde ýeňil atletika boýunça gijesini gündiz edip işläp, yhlas edýän tälimçilerimiz bar. Golaýda “Garagum” sport desgasynda welaýatyň çempionaty geçirildi. Şol ýaryşda etrabymyzyň yhlasly tälimçileri Akmyrat Begençalyýewiň, Selbi Kyýasowanyň, Kakageldi Garabatyrowyň tälim berýän türgenleri uly ýeňşe eýe boldular. Olaryň 12-si 1-nji orna, 7-si 2-nji orna, 7-si 3-nji orna mynasyp boldular.

Sport äleminde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza sagbolsun aýdýarys.