Kämil hukuk binýady

12 Maý 2021
715

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde bolşy ýaly, golaýda onuň Merkezi edarasynda hem «Kämil hukuk binýady — Watanymyzyň kuwwaty» ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata gullugymyzyň harby gullukçylary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy Kerimguly Geldiýew, şeýle-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň wekili Begenç Baýramow dagy gatnaşdylar. Çykyş edenler ýurdumyzda amala aşyrylan taryhy waka — Mejlis hem-de Halk Maslahaty diýip atlandyrylýan iki palatany özünde birleşdirýän Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň döredilmegi barada täsirli hem buýsançly gürrüň etdiler.

Serdar HUDAÝBERDIÝEW,
uly leýtenant.