Bilim ulgamy ösüş ýolunda

12 Maý 2021
1161

Hakdan halatly, köňli sahawatly hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ak ertirleri nazarlap, ynamly öňe barýan berkarar döwletimiziň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Jemgyýetiň ruhy medeniýetiniň esasyny düzýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak işini maksadalaýyk guramakda maddy-enjamlaýyn binýadyň döredilmegi häzirki zaman bilim syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, bilim ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegi üçin internet ulgamyna birikdirilen, interaktiw usullary ornaşdyrylan binalaryň sany has-da artýar. Berilýän bilimiň dünýä ülňülerine doly laýyk getirilmegi, döwrebaplaşdyrylmagy, ylymda, bilimde gazanylan soňky ösüşlerden ýaşlaryň habarly bolmaklary ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň esasy maksady — adamzat ýaşaýşynyň aň-düşünjesini häzirki zamanyň ösen talaplaryna kybapdaş dowam etdirmekden, onuň geçmiş mirasyny we häzirki wagtdaky gazananlaryny dolulygy bilen geljekki nesillere ýetirmekden ybaratdyr. Kämil nesli kemala getirmek bilim ulgamynyň öňünde durýan iň wajyp wezipeleriň biridir.

Mähri ŞAMURADOWA,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.