Ýürekde galan syr (he­ka­ýa)

12 Maý 2021
910

Orazgeldi aga obanyň iň sylanýan ýaşulusy. Ol geçen asyryň 1941 — 1945-nji ýyllarynyň urşuna gatnaşan hormatly weteran. Togsan ýaşdan agan bu goja, uly bir agzybir, döwletli maşgalanyň eýesi. Ýaşulynyň dokuzy düzüw, ogul ýerinde ogly, gyz ýerinde gyzy bar. Agtyk-çowluk, ýuwlugy hem ýetik. Gojanyň ýüreginde hiç hili gam-gussasy, armany ýok ýaly. Emma onuň bilen ýakyndan gatnaşýan adamlar bilen gürleşseň, esasan hem, ondan bir müçe kiçi-de bolsa, deň-duş ýaly gatnaşýan Esen agany gürletseň, Orazgeldi aga uruşdan dolanyp geleni bäri özüni birhili müýnli saýyp ýörenmiş. Bu müýnüň sebäbini welin, onuň özünden başga bilýän ýok. Ýöne il içinde synçyrak adamlar bolýar. Ine, Kerim ussa şeýleräk adam. Ol känbir gürleýänem däldir welin, synlap oturan adamsynyň özüni alyp barşyndan, hereketinden, onuň nähili adamdygyny ýalňyşsyz aňyp oturandyr. Kerim ussanyň synçy nazaryndan Orazgeldi aga-da sypmandy. Birnäçe jeňlere gatnaşan Orazgeldi aganyň obada urşa gidip dolanyp gelmedik Atageldi aganyň aýaly Näzik ejäni, onuň ýekeje ogly Nazary görse, öz janyna jaý tapman, bahym yzyna dolanýanyny aňypdyr. Bu näme üçin beýlekä?! Munuň bir emmasy-ha bolmaly. Ýaşlar känbir üns bermeseler-de, ýaşulular gürrüň gyzanda, şol «emmany» biljek bolup, jan edýärdiler. Ýöne ol syryň entekler ýumagy çöşlenerli däldi. Ine, günleriň birinde bolsa, köpleri gyzyklandyrýan şol syr äşgär boldy. Ol syryň açylmagynyň sebäpkäri-de Orazgeldi aganyň özüdi.

Hemişeler ýarawsyzlyk tapynsa, iki-üç günde açylyşyp gidiberýän Orazgeldi aga bu gezek wagty bilen gowulaşyp gidibermedi. Çagalary, agtyk-çowluklary onuň daşynda kökenek boldular. Her kim ýaşulynyň göwnüni tapjak bolup jan edýärdi. Iň bärkisi, üçünji synpda okap ýören çowlugy Merjenjigi diýsene! Ol her gün ir bilen mekdebe ugrajak wagty: «Ata, aý, ata, men mekdebe baryp-gelýänçäm gutulgyn! Onsoň bileje gezelenje gideris» diýip gidýän bolsa, mekdepden gelende: «Ata, aý, ata, men iki sany bäşlik aldym. Täze goşgy hem öwrendim, aýdyp bereýinmi?!» diýip, bäşliklerini görkezýärdi, täze goşgy aýdyp berýärdi. Çowlugynyň şeýle yhlaslydygy gojany begendirýärdi, derdi ýeňlän ýaly bolýardy. Bir günem Merjenjik mekdepden gelşine:

Kemal SABYROW,
TMÝG-niň Görogly etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.