Sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýurdy

10 Maý 2021
1099

Saglygy başynyň täjine deňeýän halkymyzyň hiç haçan gadyr-gymmatyny ýitirmedik ýol-ýörelgesiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da rowaçlyklara beslenýändiginiň şaýady bolmak buýsanjymyzy artdyrýar. Munuň şeýle bolmagynyň gözbaşynda «Sagdyn jemgyýet döwletiň berk binýadydyr. ªoňa görä-de, ynsan saglygyny goramak, ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işleri geçirýäris» diýmek bilen, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň, bedenterbiýedir sportuň halkymyzyň gündelik durmuş kadasyna öwrülmegi üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän milli Liderimiziň durýandygy guwandyryjy hakykatdyr.

Döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň baş saglygyny gorap saklamaga, bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge gönükdirilen tutumly işleriniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da rowaçlanýandygy, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmäge, türgenleşikleri ýokary derejede alyp barmaga mümkinçilik berýän sport desgalarynyň hatarynyň artýandygy ýurdumyzda geljekde-de bu ugurda üstünlikleriň gazanyljakdygyny görkezýär.

Meretgeldi AŞYROW,
Esenguly etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň başlygy.