Gadamy batly bedewler

10 Maý 2021
1124

Düýn, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygynyň şanyna bezenip-beslenen elwan ýazyň toýly güni Daşoguz welaýatynyň atçylyk sport toplumynda nobatdaky at çapyşygy geçirildi.

Welaýat merkeziniň etegindäki gözel künjege görk berip oturan döwrebap atçylyk toplumynda geçirilen ýazky at çapyşygy bäş tapgyrdan ybarat bolup, oňa üç, dört we ulyýaşar atlaryň 50-si gatnaşdy. Daşoguzyň döwlet athanasyna, welaýatyň edara-kärhanalaryna hem-de hususy hojalyklara degişli atlaryň ählisi-de aýlawda özleriniň ýyndamlyklaryny görkezdiler. Pellehana ilkinji gelen behişdi bedewlere serpaýlar ýapylyp, ezber çapyksuwarlara sylaglar gowşuryldy. Tebigy gözellige, egsilmez şatlyk-şowhuna beslenen at çapyşygy köp sanly tomaşaçylar üçin ýatda galyjy pursatlara baý boldy.

(Öz habarçymyz).