Atçylyk we atly sportuň hukuk esaslary

6 Maý 2021
1147

Döwletimizde atçylygy we atly sporty ösdürmek üçin giň mümkinçilikler döretmek bilen bir hatarda, onuň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga degişli kanunlar kabul edilýär. Ýurdumyzda 2015-nji ýylyň 21-nji noýabrynda kabul edilen «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny atçylyk sportunyň kanunçylyk binýadyny kepillendirýär. Bu Kanun atçylygy, atly sporty ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de Türkmenistanda arassa ganly tohum atlaryň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilendir, şeýle hem atlar köpeldilen, ösdürilip ýetişdirilen we ulanylan mahalynda ýüze çykýan ýagdaýlary düzgünleşdirýär.

Şu ýylyň 13-nji martynda «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Sülgün MUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.