Gözüm peder giden ýolda...

5 Maý 2021
877

Watanyň gahryman ogullary barada ýazylan eserleri okanymyzda, olaryň edermenligi, mertligi, batyrlygy hakynda düşürilen kinofilmleri görenimizde, uruş weteranlarymyzyň, tylda zähmet çeken ene-mamalarymyzyň berýän gürrüňlerini diňlänimizde biygtyýar damagyň dolup, gözleriňe ýaş aýlanýar. Ähtiýalan duşmanyň öňünde mertlerçe duran türkmen gerçekleriniň gahrymançylygyny, gaýduwsyzlygyny halk hiç haçan unutmaýar. Öz kakalaryny, aga-inilerini, dogan-garyndaşlaryny, söwer ýarlaryny, perzentlerini urşa ugradyp, olaryň mähriban ojaklaryny başynyň täjine deňän gelin-gyzlarymyzyň, ak saçly enelerimiziň sarpasy bu günki gün has-da belentde tutulýar. Çünki Watan, ene toprak üçin öz şirin janlaryny orta goýan türkmeniň gahryman ogullarynyň görkezen edermenligi, gelin-gyzlarymyzyň gaýratlylygy geljekki nesillere nusga alarlyk mekdepdir.

Beýik Watançylyk urşuna öz mähriban kakasyny ugradan mähribanlarymyzyň biri hem Orazgözel Annaklyçýewadyr. Orazgözel eje 1935-nji ýylda Aşgabat şäherinde dünýä inip, onuň çagalygy Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda geçýär. Orazgözel ene 5 ýaşyndaka kakasy Myratly aga Beýik Watançylyk urşuna gidýär. Her gezek Orazgözel ene türkmen ýigitleri bilen bir hatarda Watan üçin söweşmäge giden mähriban kakasyny ýatlanda, käbesi Annagözel eje bilen ençe ýol söküp, kyblasyny urşa ugratmaga gidişlerini gürrüň berýär...

Ýazga geçiren Selbi AŞIROWA,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, uly leýtenant.