Türkmen sporty jahana ýaň salýar

5 Maý 2021
1048

Parahatçylygy we ynanyşmagy, belent maksatly ösüşleri üpjün etmekde ajaýyp işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda sporty ösdürmeklige, ýokary derejeli Halkara sport çäreleriniň geçirilmegine giň gerim berilýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabatda 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýylda «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisini, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny munuň aýdyň subutnamasy hökmünde görkezmek bolar. Ýurdumyzyň sport diplomatiýasy uly ösüşlere beslenýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň uly dabara bilen bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ak mermerli paýtagtymyzda Welotrek boýunça dünýä çempionaty we tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň saýlama tapgyry geçiriler. Geljek ýylda bolsa ýurdumyzda Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçirmeklik göz öňünde tutulýar. Üstünliklere beslenýän ýylymyzyň ilkinji aýynda hormatly Prezidentimiziň Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesine baryp, geçirilmegi bellenilen iri halkara ýaryşlaryna görülýän taýýarlyk işleri we türgenleşikleriň barşy bilen tanyşmagy ähli türkmenistanlylaryň göwünlerini ganatlandyryp, uly üstünliklere ruhlandyrdy.

Ýazberdi SETDAROW,
Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň 3-nji sport mekdebiniň müdiri.