Taryhy döwrüň şanly wakasy

3 Maý 2021
742

Taryhy döwrüň şanly wakalarynyň şaýady bolmak kalbyňy buýsanja besleýär. Biz häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ajaýyp durmuşda ýaşaýarys we giň gerimli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýarys. Ata-babalarymyzyň göwün islegleri Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe wysalyna gowuşdy. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan göwün galkyndyryjy taslamalary we özgertmeleri bütin dünýä ykrar edýär. Bu düýpli özgerişlikler ýaşaýşymyzyň mazmunyny has baýlaşdyrýar. Ýurdumyzda iki palatadan ybarat bolan Milli Geňeş diýlip atlandyrylan parlament ulgamynyň döredilmegi bilen, Baş Kanunymyzy kämilleşdirmek işlerine jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmaklaryna has-da giň ýol açyldy.

Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde şu ýylyň 14-nji aprelinde geçirilen Milli Geňeşiň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde eden taryhy çykyşy ildeşlerimiz bilen birlikde biz — bilim işgärlerinde hem uly täsir galdyrdy. Döwlet Baştutanymyz bu döwletli maslahatda sözlän sözünde bilim işgärleriniň halkymyzyň belent maksatlary amala aşyrmagynda döredijilikli zähmete ruhlandyrmak, ýurduň geljegi bolan ýaş nesli sagdyn ruhly terbiýelemek, Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak bilen bagly işlerine aýratyn ünsi çekdi.

Jennet ILMYRADOWA,
Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.