Bagtyýarlyk döwrüniň talyplary

3 Maý 2021
1077

Ýakynda Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna esaslanylyp, Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň talyplary” ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik guraldy. Bäsleşikde emin agzalarynyň adalatly baha bermekleri netijesinde sportuň daş götermek ugry boýunça 1-nji orna Mekan Aşyrow, 2-nji orna Ysmaýyl Wepalyýew, 3-nji orna Yslam Şetdalyýew, tennis görnüşi boýunça 1-nji orna Gowşut Çarymyradow, 2-nji orna Ahmet Bäşow, 3-nji orna Wepa Myradow, gimnastikanyň brus görnüşi boýunça 1-nji orna Begmyrat Öwezgeldiýew, 2-nji orna Orazmyrat Salyhow eýe bolmagy başardylar.

Timur HYDYROW.