Aladamyz — türgenler

3 Maý 2021
1005

Biz türgenlere ýörite tälim bermek bilen bir hatarda, bedenlerini berkitmekleri üçin peýdaly maslahatlary hem ündew edip durýarys. Şonda olara aşakdaky maslahatlary berýäris. Türgenlere az kaloriýaly we hil taýdan ýokumly peýdaly maddaly iýmitlere üns bermek möhümdir. Mundan başga-da, iýmitlenmekde bedeniň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak gerek. Türgenler dürli önümlere üns bermeli, meselem, nohut önümlerini, miweleri, ýeralmany, tüwini iýmitde kän ulanmaly.

Sportuň käbir görnüşinde, mysal üçin, söweş sungatynda ýa-da atçylyk sportunda türgenleriň agramynyň kadaly bolmagy örän möhümdir. Myşsalary ösdürmek bilen gönüden-göni gyzyklanýan agyr atletika görnüşüniň türgenleri et, ýumurtga we beýleki belokly iýmitleri ýeterlik iýmelidirler.