Mübärek aýyň sogaby

30 Aprel 2021
985

Mübärek Oraza aýy dowam edýär. Ruhy kämillik — adamyň bezegi. Ol ruhy kämillige diňe mizemez erk hem-de örän güýçli ynam arkaly ýetýär. Tutuş otuz günläp agyz beklenip gezilmegi hem ruhy kämilligiň synagy. Oraza aýynda adam öňküsinden has agraslanýar. Sebäbi ol özüni gurşap alan dünýä barada has çuň oýlanýar, özüçe netije çykarýar. Bu aýda «haýyr», «sogap», «adamkärçilik», «päkizelik» ýaly sözler köp gaýtalanýar — adam özüni Ýaradana golaýlaşdyrýar! Onuň ýagşy iş edip, töweregindäkileri begendiresi, alkyş alasy, sogap gazanasy gelýär.

Hemişe haýyr işleriň sakasynda durýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň agzaçar sadakasyny bermegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hoşniýetli däp-dessurlarymyzyň, asylly ýol-ýörelgelerimiziň dowamat-dowam bolýandygynyň aýdyň subutnamasy, belent adamkärçiligiň beýik nusgasy boldy. Mähriban Watanymyzyň beýleki welaýatlarynda bolşy ýaly, welaýatymyzyň Baş metjidinde berlen agzaçar sadakasyna hem köp adam ýygnandy.

Amanmyrat KIÇIGULOW,
«Balkan».