Gül-gunçasy gara gözümiň garasy

30 Aprel 2021
789

Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän muzeýde geçirilen söhbetdeşlik şeýle atlandyryldy. Ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna we beýik şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we etrap birleşmeleriniň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda geçirilen söhbetdeşlige edara-kärhanalaryň işgärleri we ýaşlar gatnaşdylar.

Çärede Garaşsyzlygymyzyň türkmen halkyna beren bagty, eşretli durmuşymyz, beýik Pyragynyň eserleriniň ähmiýeti barada giňişleýin söhbet edildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýetilen belent sepgitler hakynda çykyşlarda buýsanç bilen nygtaldy. Agzybir halkymyzy Garaşsyzlygymyzyň saýasynda baky bagta ýetiren hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň has-da rowaçlanmagy arzuw edildi.

Nursoltan DEPBIÝEWA,
«Balkan».