Hünärli eller

30 Aprel 2021
980

Welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde «Hünärli eller» ady bilen geçiren bäsleşigimize Balkanabat şäherindäki orta mekdeplerde hereket edýän gyzlar klublaryna gatnaýan gyzlar gatnaşyp, şu okuw ýylynda edilen işleri, gyzlar klubunyň diwar gazetini hem-de klubuň ýolbaşçysynyň hasabat çykyşyny, gyzlaryň arasynda geçirilen duşuşyklary, bäsleşikleri, gazanylan üstünlikleri suratly albomlaryň üsti bilen beýan etdiler. Keşde we surat çekmek, örüm we nakgaşçylyk işlerini wideoýazgylarda görkezdiler, el işleriniň sergilerini guradylar. Watanymyza, bagtyýarlyk döwrümize, Gahryman Arkadagymyza bolan buýsançlaryny goşgularda, gazallarda wasp etdiler.

Bäsleşigiň jemi jemlenilende, 12-nji orta mekdebiň «Güldesse» gyzlar kluby baş baýraga mynasyp boldy. 2-nji we 7-nji orta mekdepleriň «Meňli», «Bagtyýarlyk lälesi» gyzlar klublary degişlilikde birinji we ikinji, 5-nji we 21-nji orta mekdepleriň «Näzik», «Tumar» gyzlar klublary bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Olara Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Täzegül NADYROWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň başlygy.