Resmi habarlar gysga setirlerde

30 Aprel 2021
925

28-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşler giň gerimli ugurlar boýunça söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan edip, bu gün iki döwletiň hem özara söwdanyň, maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, ulag, aragatnaşyk babatda, senagatyň dürli pudaklarynda, şol sanda azyk, himiýa, ýeňil we elektrotehnika pudaklarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin ýeterlik kuwwata eýedigini kanagatlanma bilen nygtadylar.