Gadyry egsilmeýän gymmatlyk

30 Aprel 2021
888

Türkmen ilinde toý tutulsa, döwre uludan guralyp, aýdym-saz belentden ýaňlanýar. Şeýle asylly ýörelgelerimiz Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen bagtyýarlyk döwründe-de täze ruhda, milli öwüşginde janlandyrylýar. Muňa döwlet derejesinde bellenilýän baýramçylyklaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Geçen ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilmegi, şeýle hem bu milli baýramçylygymyzyň şanly özgertmeler we ýurdumyzyň ýeten derejeleri bilen dabaralandyrylmagy Watanymyzyň Bitaraplyk we Garaşsyzlyk ýaly beýik derejelerine bolan buýsanjymyzy has hem artdyrdy. Şeýle buýsandyryjy wakalar «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem mynasyp dowam etdirilýär. Çünki mähriban halkymyz üstümizdäki ýylda naýbaşy baýramymyzy ― mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp garşylamagy maksat edinýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde aýratyn nygtaýar.

Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz döwletimiziň bu ýubileý toýunyň şäherlerimizde, obalarymyzda gurlup, ulanylmaga beriljek täze binalaryň we desgalaryň açylyş dabaralary bilen ýurdumyzyň her bir raýaty üçin ýatdagalyjy pursatlara beslenmelidigini nygtaýar. Çünki mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýy — hemmämiz üçin hem uly baýram, uly toý. Döwletimiziň synmaz binýady, bagtyýar durmuşymyzyň mizemez esasy bolan Garaşsyzlyk derejämiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny, Watanymyzyň halkara abraýynyň artmagyny, belent sepgitlere ýetilmegini üpjün etdi.

Adalat MEÝMANOWA,
Dänew etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň mugallymy.