Bagtymyzyň çyragy

30 Aprel 2021
845

Garaşsyzlyk diýlende, ýüregiňi üýtgeşik duýgy gurşap alýar. Çünki mukaddes Garaşsyzlygymyz bagtymyzyň çyragydyr. Döwlet özbaşdaklygy — berkararlygyň, dünýäniň ýüzünde özüňi syýasy taýdan ykrar etmegiň, zähmet ýeňişleriniň hem-de röwşen geljegiňi gurmagyň açary. Şoňa görä-de, ol diňe bir ýurduň ykdysady-durmuş ösüşinde däl, eýsem, halkymyzyň ruhy dünýäsinde hem aýratyn orny eýeleýär. Hut şonuň üçin, ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna badalga berlen ýylymyzyň ilkinji günlerinden kalbymyza dolan buýsanç duýgusy ýaşaýşa, nurana geljege bolan ynamymyzy, kesp-kärimize bolan höwesi has-da artdyrýar. Köňüllerimizi heýjana salýan ata Watanymyza bolan söýgi, halkymyza guwanç, hormatly Prezidentimize bolan bimöçber uly alkyşlar bolsa toý şatlygymyza şatlyk goşýar. Mahlasy, Garaşsyzlygyň döredýän tolgundyryjy täsirleri ruhy dünýämizi gözelleşdirýär, onuň täsiri bilen özüňi erkana, öňküden-de güýçli, gaýratly duýýarsyň. Soňky ýyllarda Watanymyzyň görlüp-eşidilmedik derejede gülläp ösüşine her birimiz şaýat bolýarys, halkymyzyň ykbaly şowlap, tebigatymyzyň hazyna-genjiniň, topragymyzyň bereket-rysgalynyň külli türkmeniň eşretli durmuşyna siňýändigine guwanýarys.

Parahatçylykdan, ynanyşmakdan rowaç tapan bagt guşunyň bu gün ak asmanda ganat kakyşy, halkymyzyň agzybirligi, merdanalygy, zähmetsöýerligi, hormatly Prezidentimiziň daşyna jebis bolup, ýeňişlerden-ýeňşe sary batly gadam urşy dünýä nusgalykdyr.

Joragül SEÝIDOWA,
Farap etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.