Rowaçlygyň belent ruhy

30 Aprel 2021
830

Ýola çykmazdan ozal öz ýurduňyň içinde, adamlaryň ýaşaýyş-durmuşlarynda bolup geçen üýtgeşiklikleri hyýalyňda aýlamak täze pikirleri oýarýar. Diňe bir ýadyňda galanlary däl, öz kompýuteriňe girizen maglumatlaryňy hem seljerersiň. Şeýdip hem-ä edil dutar ýaly galamyňy «düzýärsiň», hem-de ýandepderçäňdäkileri birlaý gözden geçirip, buýsanç-guwanç duýgularyňa täze bir güýç berýärsiň, olaram öz gezeginde ruhuňy göterýär. Ynha, bu gezek hem şu däp bolup galan edähet ýatdan çykmady.

Her bir pursady ýadyňy täze bir waka bilen baýlaşdyrýan günleri başdan geçirýän döwrümizde şonsuz mümkinem däl. Bir wakany sypdyrsaň, özüňi daş-töweregi gurşap alan özgertmeleriň ýüzin salyp okdurylyp barýan kerweninden aýrylyp galaýjak ýaly duýýarsyň. Ýurdumyzyň her künjeginde her gün bolup geçýän Nowruz mysaly dünýä täze keşp berýän özgertmeler kerweniň bedew ýüwrükligini ýetirip dur. Ýurduň içinde amala aşyrylýan özgertmeler bilen tele we gazet habarlary arkaly yzygiderli tanşyp durmasaň, kerwenden yzda galjagyň ikuçsuz. Bu bolup geçýän şanly wakalar gyzgyny bilen ildeşlerimize ýetirilip hem dur. Sanly ulgamyň we kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde gazetler okyja çalt ýetirilip başlandy.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
žurnalist.