Halypa tälimçiler ýaşlaryň arasynda

29 Aprel 2021
1215

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň ýörite meýilnamasy esasynda şu günler ýerlerde halypa tälimçileriň, sportçularyň ýaş türgenler bilen duşuşyklary geçirilýär. Şeýle duşuşyklaryň biri-de Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde boldy. Ony welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi gurady.

Wagyz-nesihat häsiýetli duşuşykda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, Milli derejeli emin, sport ussady Hojamämmet Geldimämmedow hem-de ussat tälimçi Meret Rejepalyýew çykyş edip, täze taryhy döwürde türkmen sportunyň ösýändigi, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sport-sagaldyş hereketiniň barha giň gerime eýe bolýandygy barada guwanç bilen gürrüň berdiler hem-de hormatly Prezidentimiziň sport bilen meşgullanmaga we barha taplanmaga döredýän ajaýyp mümkinçiliklerine ünsi çekdiler. Olaryň aýdyşy ýaly, bu gün berkarar Watanymyz sport ýurdy hökmünde dünýäde şan-şöhrata eýe bolýar. Diýarymyzyň paýtagtynda we sebitlerinde gurlan we bu gün üstünlikli hereket edýän häzirki zaman sport toplumlary, sport mekdepleri we meýdançalary, beýleki köpugurly sport desgalary sporta höwesli ýaşlara yzygiderli türgenleşik geçmäge hem-de taplanmaga giň amatlyklary açýar. Şeýle bolansoň, bu gün sporty hemra edinen ýaşlarymyz belent sepgitlere çykýarlar, dürli derejeli ýaryşlarda ýurdumyzyň sport abraýyny arşa göterýärler. Munuň gözbaşynda döwlet Baştutanymyzyň bimöçber tagallalary durandyr.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATDA: duşuşykdan pursat. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.