Milli gymmatlyklara sarpa

26 Aprel 2021
1185

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy döwlet derejesinde uly şatlyk-şowhun bilen bellenip geçilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem halkymyzyň toýlary goşa-goşadan geldi. Bu ýylda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň toýlary uludan tutulýar, şeýle hem ilkinji gezek Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy bellenilip geçildi. Mähriban halkymyzyň taryhyny, şu gününi dal bedewsiz, türkmen alabaýsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Bu günki gün ýyndamlygy, gamyşgulak, inçebil gözelligi bilen meşhur bolan ahalteke bedewlerimiz hem-de batyr, edermen, wepaly alabaýlarymyz täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň üns-aladasy bilen gurşalyp, şan-şöhraty dünýä dolýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Behişdi bedewlerimiz dünýäde bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak gymmatlykdyr» diýip belleýşi ýaly, ahalteke bedewi türkmen üçin uly buýsanç, milli baýlyk. Bedew türkmen ýigidiniň dosty, kyn gününde syrdaşy, ýow gününde ýoldaşydyr.

Türkmen alabaýy batyrlygyň, edermenligiň, wepalylygyň nusgasy bolup, öý-ojagyň, mal-garanyň goragçysydyr. Hormatly Prezidentimiz: «Alabaý — biziň milli buýsanjymyz. Alabaý — biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz» diýip belleýär.

Bahar JEPBAROWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.