Ýeňşiň höwri köp bolsun!

26 Aprel 2021
1494

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ençeme şanly wakalaryň şaýady bolýarys. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallasy bilen her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň şu ýyl ilkinji gezek Türkmen alabaýynyň baýramy bilen utgaşdyrylyp bellenilmegi bagtyýar halkymyzy has-da buýsandyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň 2019-njy ýylyň 16-njy maýynda serhetçi esgerlerimize mukaddes çäklerimizi goramakda ýakyn syrdaşa öwrülen türkmen alabaý güjükleriniň ýedisini sowgat edipdi we türkmenlerde ýedilik belginiň mukaddes saýylýandygyny, onuň bar ýerinde rowaçlyklaryň artýandygyny aýdyp, olaryň halkymyzyň ýagşy dessurlaryny mynasyp dowam etjekdigine ynam bildiripdi.

Tumar BAÝRAMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, kapitan.