Türkmen alabaýy: Şöhratly taryhyň şanly sahypasy

26 Aprel 2021
761

Ýekşenbe güni Farap etrabynyň çäginde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň welaýat merkeziniň açylyp, ulanylmaga berilmegi goşa baýramyň gündogar sebitdäki iň şanly wakalarynyň biri boldy. Şol gün ýurdumyzyň ähli sebitlerinde şeýle merkezleriň işine badalga berildi. Olar ata Watanymyzyň  taryhyna alabaý itlerine niýetlenilen ilkinji merkezler hökmünde girer. Şonuň üçin bu merkezleriň açylyş dabarasyny hem taryhy waka hasaplap bolar.

«Adam eli ― gyzyl gül»
Bary-ýogy bir ýyldan hem az wagtyň içinde Farabyň gümrük nokadyna barýan aýna ýaly ýoluň 1 kilometr çemesi uzaklygynda, alaň-alaň sährada dörän binalar toplumyny synlap, ynsan eliniň döredip bilýän gudratyny güle deňemegiň hem heniz bärden gaýdýandygy barada pikirlenýärsiň. Elhepus, görüň-ä bu gudraty! Bu toplum ynsan eli bilen gurulman, asmandan ýere gonaýan ýaly bolup dur. Ine, türkmen halky asyrlaryň dowamyndaky syrdaşyny ― alabaýyny şeýle ajaýyp toplum bilen arzylaýar. Taryhy müňlerçe ýyla uzasa-da, türkmen alabaýy kinologlar tarapyndan iň arassa tohum it hasaplanylýar. Indi bolsa bu arassalyk ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bir günde açylyp, ulanylmaga berlen merkezlerde, iň döwrebap şertlerde goralar.