Toýlarymyz gelýär goşa-goşadan

26 Aprel 2021
846

Parahatçylyga we ynanyşmaga daýanýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda gazanylýan beýikden-beýik üstünlikler halkymyz üçin bagtyýar şu günümiziň gadyr-gymmatyny has içgin duýmakda we şöhratly taryhymyzy çuňňur öwrenip, oňa tüýs ýürekden guwanmakda bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr. Göz-guwanjymyza deňeýän Garaşsyzlygymyz biziň taryhymyzyň şöhrat-şanyny gaýtaryp getirdi, kalbymyzyň, hakydamyzyň töründäki geçmişimize bolan beýik buýsanjy galkyndyrdy, gahryman we merdana pederlerimiziň dünýä ýaň salan abraý-mertebesini tirsegine galdyrdy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy biziň merdana halkymyz üçin bolşy ýaly, tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin hem ähmiýetli taryhy waka bolup durýar. Garaşsyzlyk köpasyrlyk milli ruhy gymmatlyklaryň, şeýle hem asylly ynsanperwerlik dessurlarynyň dikeldilmegi üçin oňyn şertleri döretdi.

Hut Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan, baý ylmy tejribesinden kemal tapan ak mermerli Aşgabat Merkezi Aziýanyň merjeni, dünýädäki iň gözel şäherleriň biri hökmünde ykrar edildi. Paýtagtymyzda açylyp, ulanylmaga berilýän her bir täze bina gurluşyk taýdan täsinligi, ajaýyp şertleri, biri-birinden tapawutlanýandygy bilen haýran galdyrýar.

Göwher AGAJANOWA,
Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.