Atşynaslaryň obasynda toý tutuldy

25 Aprel 2021
827

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň, Türkmen alabaýynyň baýramynyň öňüsyrasynda Marynyň atçylyk sport toplumynda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäreleriniň çäginde halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen jemleýji çapyşykda welaýatymyzdan halypa çapyksuwar Suwhandurdy Kuljanow ýeňiji bolup, hormatly Prezidentimiziň baş baýragyny — ýeňil awtoulagy eýeledi. Bu şatlykly habar halypa çapyksuwaryň ýakynlarynyň, dogan-garyndaşlarynyň, işdeşleriniň, obadaşlarynyň, welaýatymyzyň uludan kiçä ähli ýaşaýjylarynyň toý şatlygyny goşalandyrdy. Ýaryşdan awtoulagly dolanan halypa çapyksuwar obasynda dabaraly garşylandy.

Suwhandurdy Kuljanow Gökdepe etrabynyň Aba Annaýew obasynda ýaşaýar. Ömrüni atçylyga bagyşlan halypa atşynas häzirki wagtda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň atly sport we atly syýahat bölüminiň seýis tälimçisi bolup işleýär. Ol atly sporty we atçylyk pudagyny ösdürmekde, ahalteke atlarynyň tohumçylyk işini, olaryň syna owadanlygyny kämilleşdirmekde, ösüp gelýän ýaş nesillerimizde atçylyk sungatyna bolan höwesi döretmekde, atlary seýislemekde mynasyp tagalla edýär. Onuň bu ugurdaky hyzmatlaryna Arkadagly döwrümizde mynasyp baha berilýär. Goşa toýuň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, oňa «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly adyň dakylmagy munuň nobatdaky subutnamasydyr.