Halkymyzyň göwün ganaty

25 Aprel 2021
748

Türkmen halky bäş müňýyllyk taryhynda umumadamzat hazynasyna kämil hem gaýtalanmajak medeniýeti berdi. Nepis türkmen halysy, ahalteke bedewi, saryja goýny, arwana düýesi, alabaý iti biziň milli gymmatlyklarymyzdyr.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen bedewleriniň şan-şöhraty bütin jahana doldy. Ahalteke bedewi türkmenleriň uçar ganaty hasaplanylýar. Türkmen halkynyň atçylyk sungaty müňlerçe ýyllaryň dowamynda ahalteke bedewleriniň kämilleşmegine, bütin dünýä at-owazasynyň ýaýramagyna we biziň günlerimize gelip ýetmegine ýardam edipdir. Ahalteke atlary dünýäde iň gadymy at tohumydyr.

Daýanç ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.