Belent binalaryň ýalkymy

25 Aprel 2021
773

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň hem-de parahatçylygyň daýanjy bolan eziz Watanymyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň ýatda galyjy wakalary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny şatlykly duýgulara besleýär. Bagtyýarlyk döwrümizde paýtagtymyz biziň her birimiziň iň söýgüli şäherimize öwrülip, gün-günden gözelleşýär. Aşgabat gözelligiň, söýginiň, bagtyýarlygyň merjen şäheridir.

Dünýäniň çar künjeginden gelýän syýahatçylaryň ýurdumyzdaky bedew batly ösüş-özgerişlere, baş şäherimiz Aşgabatda gurlan binalara, şeýle hem giň gerimde alnyp barylýan gurluşyk işlerine, şol sanda halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesine haýran galýandyklaryny bellemek aýratyn ýakymlydyr. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan, nusgalyk yhlasyndan kemal tapan beýik işlerden gülleýän, gül açýan Watanymyzyň mermer paýtagtynyň — gözel Aşgabadymyzyň älem içre meşhurdygyna tüýs ýürekden guwanýarsyň.

Bahar NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň Usuly kitapnama bölüminiň müdiri.