Bagtyň ganat ýaýmagy

25 Aprel 2021
988

Agzybir halkymyzy ruhy taýdan jebis millete öwürýän erkana Watanymyz dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna ýaraşyk berýär. Bu arzyly orny pugtalandyrmak maksady bilen amala aşyrylýan beýik işler il-halkymyzda buýsanç duýgularyny has-da artdyrýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygarly bu ýylda eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygy baýram edilýär. Bu şanly sene her bir türkmenistanlynyň ýüreginde çäksiz guwanjy döredýär. Al-asmana göterilen ýaşyl Tugumyz dünýä döwletleriniň baýdaklarynyň hatarynda buýsançly pasyrdaýar. Garaşsyzlyk milletimize berkararlygyň altyn sakasyny açdy. Döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş özbaşdaklyga eýe bolmagy milletimiziň ruhuna ruh goşdy, ajaýyp zähmet ýeňişlerine ruhlandyrdy. Garaşsyzlyk täze ýeňişlere ynam berdi. Ine, şeýle ruhy gymmatlyklar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynda bitirilen beýik işlere badalga boldy. Halkymyz bu gymmatlyklardan egsilmez erk aldy, tükenmez güýç-gaýrat tapdy. Bu ruhy gymmatlyklar halkymyzyň agzybirlik Tugy bolup köňüllerde ýaşaýar. Şeýle mukaddeslik hem halallyk ýurdumyzda durmuşa geçirilýän başlangyçlar sebitde we tutuş dünýäde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleriniň berkarar bolmagyna alyp barýar. Ajaýyp zamanamyzda başy tutulýan şeýle işler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş Zeminiň hemme halklarynyň bähbitlerine, agzybir, bagtly hem eşretli ýaşamagyna gulluk edýär. Bu işleriň gözbaşynda paýhasly pederlerimizden miras galan halallyk, takyklyk, dürslük, adalatlylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri durandyr. Garaşsyzlyk döwletimize bu işleri dünýä derejesinde alyp barmaga giň ýol açdy. Asudalyga, parahatçylyga, abadançylyga daýanýan uly ýörelgeler Türkmenistanyň halkara syýasatynyň sütünine öwrüldi. Erkana Watanymyz hyzmatdaşlyga isleg bildirýän döwletleriň ählisi bilen dost-doganlyk köprülerini gurýar, ösüşlere barýan ýollary çekýär, ýakyn-u-uzakdaky halklara eşretli durmuşyň sakasyny açýar. Türkmenistanyň saýlap alan we durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasaty halklaryň jana-jan bähbitlerinden ugur alýan we olaryň amal edilmegine gönükdirilýän bu işleriň rowaçlanmagyna giň ýol açýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň binýatlaýyn ýörelgesi parahatçylykdan hem ynanyşmakdan tutulandyr. Parahatçylyk we ynanyşmak biri beýlekisiniň üstüni ýetirýär, biri beýlekisinden gözbaş alýar. Biz diňe pugta ynanýan adamlarymyza ýüregimizi açýarys. Olara arkaýyn bil baglaýarys. Ynam edil sylag-hormat, agzybirlik ýaly iki taraply bolmasa, uzaga gidip bilmeýär. Dili senaly halkymyzda «Dost dostuň aýnasy», «Göwün göwünden suw içer», «El eli ýuwar, iki el birigip ýüzi» diýen ýaly giňden ýaýran pähimler muny doly tassyklaýar.

Halklaryň we döwletleriň arasyndaky özara ynanyşmak gatnaşyklary köp ýyllaryň dowamynda ýüze çykan ýagdaýlardan gelip çykýar. Birleşen Milletler Guramasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Ýewropa Bileleşigi şeýle hyzmatdaşlygy ikelläp goldaýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň 2020-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisinde wideoaragatnaşyk arkaly eden çykyşy ýurdumyzyň hoşniýetlilik ýolunyň uludan dabaralanmasy boldy. Gahryman Arkadagymyz özüniň öňe süren başlangyçlarynda goňşy Owganystan döwletinde parahatçylygy hem asudalygy pugtalandyrmak, onuň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyna ýardam bermek boýunça maksatnamalaýyn çäreleri belledi. Belli bolşy ýaly, Watanymyz köp ýyllaryň dowamynda Owganystan döwletine elektrik energiýasyny iberýär. Doganlyk owgan halkyna ynsanperwer ýükli kerwenler ugradyldy. Owganystanyň çäklerinde Türkmenistanyň kömegi bilen umumybilim berýän mekdepler, saglyk ähmiýetli desgalar guruldy. Dostlukly döwletiň ykdysadyýeti üçin zerur bolan hünärmenleri okadyp ýetişdirmek işleri maksatnamalaýyn esasda ýola goýuldy. Şeýdibem, milletimiziň päk kalby, tämiz päl-niýeti, hoşniýetli maksat-myrady doganlyk owgan topragynda şineleýär, pudagyny giňden ýaýýar, parahatçylygyň hem ynanyşmagyň arzyly miwelerini eçilýär.

Jahan ANNAÝEWA,
«Zenan kalby».